Ýyldyrym: “Terrora garşy göreş, Türkiýäniň geljegi bilen bagly göreş”

Premýer ministr Binali Ýyldyrym terrora garşy göreşiň Türkiýäniň geljegi bilen bagly göreşdigini nygtap: “Terroryň Türkiýede höküm sürmegine asla ýol bermeris” diýdi

635668
Ýyldyrym: “Terrora garşy göreş, Türkiýäniň geljegi bilen bagly göreş”

Adalat we ösüş partiýasynyň Welaýat ýolbaşçylarynyň giňeldilen maslahatynda çykyş eden Ýyldyrym, Siriýadaky “Ýefrat galkany” operasiýasynyň çäginde Al Babda 14 esgeriň şehit bolan DAİŞ hüjümi barada: “Türkiýe uly göreşiň içinde. Terrora garşy göreşimiz hem içerde hem-de daşarda aldym-berdimli dowam edýär” diýdi.

Dünýäniň iň esasy meselesi bolan terroryň adamzada garşy edilýän jenaýatdygyny nygtan Ýyldyrym: “Terrora garşy göreş, Türkiýäniň geljegi bilen bagly göreşdir. Türkiýäniň jebisliginiň, agzybirliginiň, doganlygynyň baky bolmagy ugrunda alynyp barylýan göreş. Jebisligimizi elmydama gorap saklarys, terroryň Türkiýede höküm sürmegine asla ýol bermeris” diýdi.

Soňky döwürde guralan terror hüjümleri barada-da durup geçen Premýer ministr, terror guramalarynyň janlary ýandygy saýyn assimmetriki aksiýalary guramaga başlandygyny Stambuldaky, Kaýseridäki hüjümlerden soň rus ilçisine guralan pespäl hüjümiň we Germaniýadaky hüjümiň dünýä derejesinde seljerilmelidigini görkezýändigini nygtady.

Yraga we Siriýa ornaşan terror guramalarynyň diňe Türkiýä howp salýandygyny pikir edýänleriň ýalňyşýandygyny beýan eden Ýyldyrym: “Terror dünýäniň umumy meselesi, halkara jemgyýetçiligi terrora garşy ikirjiňli çemeleşmäni bes etmeli we berk pozisiýa eýelemeli” diýdi.

 



Degişli Habarlar