Çawuşogly halaply Bananyň we ejesi Fatemahyň çagyryşyny jogapsyz goýmady

Ministr Çawuşogly Türkiýänin elinden geleni etjekgini ýazdy

632990
Çawuşogly halaply Bananyň we ejesi Fatemahyň çagyryşyny jogapsyz goýmady

Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşogly gündogar Halapda hüjümleriň bes edilmegi we halkyň göçürilmegi üçin Prezident R.T.Erdogandan we özünden sosial media arkaly goldaw soran 7 ýaşly halaply Bananyň we ejesi Fatemahyň çagyryşyny jogapsyz goýmady.

Siriýanyň harby goşunlary we hökümetiň tarapynda durýan terrorçy toparlaryň ylalaşygy bozmagyndan soň twitter arkaly Prezident Erdogana we Çawuşoglyna ejesi bilen birlikde ýüzlenme ugradan Bana “Haýyş edýän, haýyş edýän hüjümleriň bes edilmegini we biziň halas edilmegimizi ýola goýuň. Biz gaty ýadaw” diýip ýazdy.

Çawuşogly bolsa Bana: “Biz kynçylyklardan gorkmaýarys doganym. Siz arkaýyn boluň, siziň we beýleki müňlerçe adamyň howpsyzlygyny üpjün etmek üçin elimizden geleni edýaris” diýip jogap berdi.

Bana mundan ozal bolsa Halapda ylalaşygyň bozulmagyndan soň Çawuşoglyndan kömek sorapdy. Ministr Çawuşogly: “Umydyňy ýitirme doganym. Türkiýe seniň çagyryşyňa gulak asýar. Seniň we köp sanly siriýaly çaganyň ýaşaýan pajygalaryny ortadan aýyrmak üçin tagalla edýäris” diýip jogap beripdi.

Halaply Bana sentýabr aýyndan bäri sosial media arkaly Halapdaky soňky şertler we bombardyman astyndaky ýaşaýyşlary barada maglumatlar berýär.



Degişli Habarlar