Erdogan Obama, Putin we Merkel bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi

Erdogan bu barasynda geçirilen metbugat ýygnagynda aýtdy

631572
Erdogan Obama, Putin we Merkel bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi

Prezident R.T.Erdogan Siriýanyň Halap şäherindäki asuda ilatyň halas edilmegi barada ABŞ-nyň Prezidenti Barak Obama, Russiýanyň Prezidenti Wladimir Putin we Germaniýanyň Federal Kansleri Angela Merkel bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirendigini aýtdy.

Prezident Erdogan Sloweniýanyň Prezidenti Borut Pahor bilen Prezidentiň kompleksinde bolan özara we toparara duşuşyklardan soň geçirilen bilelikdäki metbugat ýygnagynda žurnalistleriň soraglaryna jogap berdi.

Erdogan Siriýada çözgüt tapylmak islenýän bolsa ilkinji nobatda Halapdaky şertleriň gözegçilik astyna alynmagynyň hökmanydygyna ünsi çekdi.

Erdogan Halapda hüjümleriň bes edilmegi we ilatyň halas ediliş etabynda Putin birnäçe gezek söhbetdeşlik geçirendigini we şol gepleşikler bilen birlikde iki ýurduň Daşary işler ministrleriniň mesele bilen ýakyndan gyzyklanandyklaryny aýtdy.

Prezident Erdogan Halapda asuda ilatyň we ýaralylaryň halas edilmegi bilen baglylykda İdlibe baranlaryň birnäçe hepdeläp, aýlap nämeleri başdan geçirendiginiň bilinýändigini nygtap, bularyň bir böleginiň esasanda çagalary we garrylary Türkiýede konteýner şäherçelerine, öýlere ýerleşdirilip, rahat, asuda şert döretmek isleýändiklerini aýtdy.

Meselä adam hukuklary meselesi hökmünde garaýandyklaryny nygtan Erdogan: “Günbataryň käbir döwletleriň “Bir adamam almaryn” diýýän şertlerinde, biz bir däl, müň adamam gelse alarys. Çünki meniň, şol beton öýleriň harabalygyndan şol çagalaryň çykyşyny gören mahalym kaka hökmünde içim gan aglaýar” diýdi.

Gelen ýaralylar we asuda ilat üçin İdlibde we Türkiýede Tebigy apatlary we adatdan daşary ýagdaýlary dolandyryş edarasy bilen Ýarym gyzylaý jemgyýetiniň degişli çäreleri görendigini aýdan Erdogan: “Hormatly Merkel bilen söhbetdeş boldum, nämeleri edip biljekdigimiz barada pikir alyşdyk. Olaram ynsanperwer kömek üçin ellerinden geleni etmäge taýardyklaryny aýtdylar. Men şol kömegiňem geljekdigini tama edýärin” diýdi.

Prezident Erdogan ABŞ-nyň Prezidenti Barak Obama bilen hem telefon arkaly söhbetdeş bolandygy we Siriýadaky, Yrakdaky wakalar barada pikir alyşandyklaryny aýtdy.

Erdogan Yrakda, esasanda Telafer we Sinjar şäherlerinde islenmeýän wakalar ýüze çykan halatynda şol ýerdäki jogapkärçiliginiň nähili möhümdigini Obama gürrüň berendigini aýtdy.

Erdogan Obamanyň bolsa Türkiýäniň Halapdaky asuda ilatyň halas edilmegi ugrundaky tagallasyna kanagatlanma bildirendigini nygtap, Türkiýäniň we ABŞ-nyň yzgiderli hyzmatdaşlyk etmeginiň ähmiýetine ünsi çekendigini mälim etdi.

 



Degişli Habarlar