Türkiýe Halabyň asudalygy üçin tagalla edýär

Siriýanyň Halap şäherinde parahatçylygyň ýola goýulmagy üçin Türkiýe oppozisionerleriň adyna, Russiýa bolsa Asada bagly güýçleriň adyna kepil bolar

630785
Türkiýe Halabyň asudalygy üçin tagalla edýär

Etabyň barşynda mesele ýüze çykman halatynda asuda ilatyň sebitden çykarylmaga we awtobuslar bilen howpsyz ýerlere göçürilmäge başlanmagy maksat edinilýär.

Resmi Ankara ýaňadandan başlanan çaknyşyklaryň bes edilmegi we koridoryň açylmagy üçin diplomatik gepleşikler geçirýär.

“Jenaýatlara garşy sessiz galmarys” diýen Türkiýäniň Prezident R.T. Erdogan hem BMG-na hem-de halkara jemgyýete hereket etmäge çagyrdy.

Erdogan Russiýanyň Prezidenti Wladimir Putin bilen düýn agşam telefon arkaly Halap meselesi babatynda söhbetdeş boldy.

Söhbetdeşligiň barşynda Halap şäherinde bolup geçýän adamzat dramasynyň üstünde durulyp geçildi.

Gazanylan ylalaşygyň ýola goýulmalydygy bellenen telefon söhbetdeşliginde howpsyz koridorlar arkaly asuda ilatyň we oppozisionerleriň başga ýerlere göçürilmeginiň iň ýakyn wagtda başlanmagy üçin bilelikde tagalla edilmelidigi barada karara gelinde.

Prezident Erdogan Putine howpsyz koridor açylanyndan soň wagtlaýyn ýaşaýyş ýerler we ynsanperwer kömek babatynda Türkiýäniň ähli çäreleri görmäge taýardygyny mälim etdi.

Türk razwedka çeşmeleri Türkiýe bilen Russiýanyň arasynda geçirilen telefon söhbetdeşliginden soň çaknyşyklaryň bes edilendigini we parahatçylygyň ýaňadandan ýola goýulandygyny habar berdi.

Çeşmeler Türkiýäniň oppozisionerleriň adyna Russiýanyň bolsa Asada tabynlykdaky güýçleriň adyna kepil boljakdygyny belleýär.

Gabaw astyndaky ýerlerden çykanlaryň Halap şäheriniň günorta-günbatarynda ýerleşýän we oppozisionerleriň gözegçiligi astynda bolan Idlib welaýatyna geçmegine garaşylýar.


Etiketkalar: #Halap , #Idlib , #BMG , #Erdogan , #Putin

Degişli Habarlar