Erdogan Mejlisiň başlygynyň orunbasaryna Germaniýada görkezilen çemeleşmäni ýazgardy

Prezident R.T.Erdogan Germaniýa essesi bilen garşylyk görkeziljekdigini aýtdy

625567
Erdogan Mejlisiň başlygynyň orunbasaryna Germaniýada görkezilen çemeleşmäni ýazgardy

Erdogan Prezidentiň köşkünde geçirilen 31-nji Arçynlar maslahatynda Mejlisiň başlygynyň orunbasary Aýşenur Bahçekapyla edilen çemeleşmä ünsi çekdi.

Germaniýa saparynyň dowamynda içinde dokumentleri we pasporty bolan sumkasynyň ogurlanmagy sebäpli ilçihanadan alan wagtlaýyn pasportynyň bardygyna garamazdan Bahçekapyla howa menzilinde geçiş rugsadynyň berilmändigini gürrüň beren Erdogan: “Sen terrorçyny kabul edip, ýurdunda myhman edýäň. Emma bu ýurduň Mejlisiniň başlygynyň orunbasaryny we wekiliýetini gapynyň öňünde birnäçe sagatlap garaşdyrýarsyň. İndi olara eşsesi bilen garşylyk görkezmeli dälmi? Ondan soň Erdogan dikdator bolýar. Sen meniň mejlisimiň başlygynyň orunbasaryna şeýle çemeleşseň men hem saňa şeýle çemeleşmeli. Eger-de şol işgärler barada degerli çäre görülmese Türkiýe oňa eşsesi bilen garşylyk görkezmäge mejbur” diýdi.



Degişli Habarlar