GÖKTÜRK-1 hemrasy Fransuz Gaýanasyndan uçuryldy

Hemranyň uçurlyş dabarasyna Prezident Erdogan hem gatnaşdy

624368
GÖKTÜRK-1 hemrasy Fransuz Gaýanasyndan uçuryldy

Türk ýaragly güýçleriniň nyşana maglumatlar boýunça isleglerini geografik çäklendirme bolmazdan dünýänin ähli ýerinden ýokary hili hemra görnüşi bilen üpjün etjek GÖKTÜRK-1 hemrasy älem giňişligine uçuryldy.

Prezident R.T.Erdoganyň gatnaşmagynda Harby howa güýçleriniň serkerdeliginiň we Goranyş senagaty edarasynyň ýer eýeçiliginde Türk awiasiýa we Kosmos senagaty firmasynyň Akynjy kompleksinde guralan dabarada uçurlyş pursadyna göni efirden syn edildi.

Prezident Erdogan dabarada sözlän sözünde Türkiýäniň öz tehnologiýasyny öndürmäge dowam etjekdigini nygtap, GÖKTÜRK-1 hemrasynyň düşümli bolmagyny arzuw etdi.

GÖKTÜRK-1 hemrasyna ýerli goşandyň 20 göterime deňdigini mälim eden Erdogan: “Şu gün hakykatdan hem buýsanýaryn. Bize has başarnykly, has uly taslamalar garaşýar” diýdi.

90 minuda golaý wagtda dünýäniň daşyndan aýlanjak hemranyň ýylda 60 müňden gowrak wideo we fotosurat ýazga almagy meýilleşdirilýär.

Hemra Türkiýäniň üstünden her gezek geçende dünýäniň dürli sebitlerinden alan wideo we fotosurat ýazgylaryny Howa güýçleriniň Hemra bekedine geçirer.

Ýokary hili wideo we fotosurat ýazgylaryny almaga ukyply bolan hemra, döwlet edaralary üçin dürli maksatly hyzmatlary berer.

 



Degişli Habarlar