Şyrnakda 1 esger şehit boldy

Partlamadan soň terrorçylaryň tussag edilmegi üçin operasiýa başladyldy

620868
Şyrnakda 1 esger şehit boldy

Şyrnak welaýatynyň Uludere etrabynda aýralykçy terror guramasy PKK-a agza terrorçylar tarapyndan guralan hüjümde 1 esger şehit boldy.

Terrorçylar gözleg işlerini geçirýän esgerler geçip barýarka ozal goýlan partlaýjy maddalary ýardy.

Partlamada 1 esger agyr ýaralandy.

Ýaralanan esger Uludag döwlet hassahanasynda bejergi astyna alyndy emma halas edilip bilinmedi.

Partlamadan soň terrorçylaryň tussag edilmegi üçin operasiýa başladyldy.

 



Degişli Habarlar