Adanada 24-nji noýabrda guralan hüjüm PKK tarapyndan guraldy

Adananyň welaýat häkimliginiň ulag goýulýan parkynda bomba ýüklenen ulag bilen guralan hüjümde 2 adam ýogalypdy, 33 adam ýaralanypdy

620454
Adanada 24-nji noýabrda guralan hüjüm PKK tarapyndan guraldy

Adana welaýatynyň häkimi Mahmut Demirtaş 24-nji noýabrda welaýat häkimliginiň ulag parkynda bomba ýüklenen ulag bilen guralan hüjümiň terror guramasy PKK tarapyndan guralandygyny mälim etdi.

Mahmut Demirtaş Adanadaky terrorçylykly hüjümiň jogapkärçiligini terror guramasy PKK degişli bolan TAK guramasynyň öz üstüne alandygyny belläp: “Netijede terrorçylykly hüjümi guran PKK-dyr. PKK bilen TAK şol bir guramadyr” diýdi.

Adananyň welaýat häkimliginiň ulag goýulýan parkynda bomba ýüklenen ulag bilen guralan hüjümde 2 adam ýogalypdy, 33 adam ýaralanypdy.

Hüjümde şeýle hem welaýat häkimliginiň binasyna we köp sanda ulaga zeper ýetdi.



Degişli Habarlar