Şyrnakda we Hakkaride iki esger şehit boldy

Terrorçylaryň tussag edilmegi üçin sebitde howa güýçleriniň goldaw bermeginde operasiýa başladyldy

616882
Şyrnakda we Hakkaride iki esger şehit boldy

Şyrnak welaýatyndaky Judi dagynda gözleg-saplaýyş işlerini geçirýän howpsyzlyk güýçleriniň geçýän wagty PKK-ly terrorçylaryň ýoluň gyrasyna ýerleşdiren bombanyň partlamagy netijesinde 1 esger şehit boldy.

Hakkari welaýatynyň Şemdinli etrabynda düýn aýralykçy terror guramasynyň hüjüminde 1 esger şehit boldy.

Howpsyzlyk çeşmelerinden alynan maglumata görä Derejik etrapçasynyň Kilit Tepe harby bazasyna terror guramasy PKK tarapyndan hüjüm guraldy.

Hüjümde agyr ýaralanan 1 esger Ýüksekowa döwlet hassahanasynda ýogaldy.

Terrorçylaryň tussag edilmegi üçin sebitde howa güýçleriniň goldaw bermeginde operasiýa başladyldy.

Beýleki tarapdan bolsa Türkiýäniň Ýaragly güýçleri tarapyndan Yragyň demirgazygyndaky Awaşin, Basýan we Gara sebitlerinde aýralykçy terror guramasyna degişli ýerlere guralan howa hüjümlerinde 5 aýry ýer nyşana alynyp, ýok edildi.


Etiketkalar: #Judi , #Şemdinli , #Kilit Tepe , #esger

Degişli Habarlar