Çawuşogly Kerri bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi

Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşogly ABŞ-nyň döwlet Sekretary Jon Kerri bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi

615266
Çawuşogly Kerri bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi

Diplomatik çeşmelerden alynan maglumata görä söhbetdeşlikde Halapdaky şertler bilen birlikde Siriýa boýunça aktual meseleler barada pikir alyşyldy.

Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşogly amerikan kärdeşi Kerri bilen 18-nji noýabrda-da telefon arkaly söhbetdeşlik geçiripdi.

Söhbetdeşlikde Rakka guralýan operasiýa we terror guramalaryna garşy göreş bilen Siriýadaky soňky ýagdaýlar barada pikir alyşylypdy.

İki kärdeş Mosul operasiýasynda ýetilen sepgit barada-da geňeşipdi.



Degişli Habarlar