Premýer ministr Ýyldyrym Russiýada saparda bolar

Ýyldyrym resmi saparynyň çäginde Russiýanyň Premýer ministri Dimitri Medwedew bilen duşuşar

611212
Premýer ministr Ýyldyrym Russiýada saparda bolar

Premýer ministr Binali Ýyldyrym dekabr aýynyň 5-6-sy aralygynda Russiýada saparda bolar.

Premýer ministr Ýyldyrym resmi saparynyň çäginde Russiýanyň Premýer ministri Dimitri Medwedew bilen duşuşar.

Duşuşyklarda iki ýurduň arasyndaky söwda gatnaşyklary meselesi ara alnyp maslahatlaşylar.

Iki kärdeş özara duşuşykda şeýle hem Fetullahçy terror guramasy FETÖ/PDÝ-ä garşy göreş we Ýefrat galkany operasiýasy hakynda pikir alyşar.

Premýer ministr Ýyldyrymyň sapary Prezident R. T. Erdoganyň premýer ministrligi döwründen soň premýer ministr derejesinde Russiýa guraljak ilkinji sapar bolar.

 



Degişli Habarlar