Erdogan Pakistana we Özbegistana sapar gurar

Prezident Erdogan 16-17-nji noýabrda Pakistanda, 17-18-nji noýabrda bolsa Özbegistanda saparda bolar

611173
Erdogan Pakistana we Özbegistana sapar gurar

Prezidentiň Metbugat merkezinden berilen beýanata görä Erdogan Pakistana gurajak saparynda Prezident Mamnum Hüseýin we Premýer ministr Nawaz Şerif bilen duşuşar duşuşar, Milli Mejlisde we Senatda maslahatlara ýüzlenip çykyş eder.  

Türkiýeden we Pakistandan ýokary derejeli firmalaryň ýolbaşçylary bilen geçiriljek duşuşyga Premýer ministr Şerif bilen gatnaşjak Prezident Erdogan, Yslamabatdan Lahor şäherine barar.

Prezident Erdogan 17-18-nji noýabrda bolsa Özbegistanyn Samarkand şäherine sapar gurar.

Özbegistanyň Prezidentiniň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetiriji, Premýer ministr Şowkat Mirziýaýew bilen duşuşjak Prezident Erdoganyň türk-özbek gatnaşyklary bilen sebitara we halkara meseleler barada pikir alyşmagyna garaşylýar.  

Prezident Erdoganyň iki ýurda gurajak saparlarynyň gatnaşyklaryň we hyzmatdaşlygyň hasam ösdürilip, güýçlendirilmegi taýdan möhümdigi nygtaldy.



Degişli Habarlar