Türkiýeden Belarusa prezident derejesinde ilkinji sapar guralýar

Erdogan bilen Lukaşenko garşylama dabarasyndan soň özara duşuşyk geçirdi

608855
Türkiýeden Belarusa prezident derejesinde ilkinji sapar guralýar

Prezident Erdogan Belarusda resmi dabara bilen garşylandy.

Resmi sapar bilen Belarusa baran Prezident R. T. Erdogan paýtagt Minskde Garaşsyzlyk köşgünde Prezident Aleksander Lukaşenko tarapyndan resmi dabara bilen garşylandy.

Erdogan bilen Lukaşenko garşylama dabarasyndan soň özara duşuşyk geçirdi.

Iki kärdeş soň bolsa metbugata beýanat berdi.

Prezident Erdogan gijä galynan hem bolsa Türkiýeden Belarusa prezident derejesinde ilkinji saparyň guralýandygyny aýtdy.

Geljekde Belarus bilen birlikde sebitde esasan hem ykdysadyýet pudagynda uly işleri durmuşa geçirjekdiklerini aýdan Prezident Erdogan, Türkiýäniň Belarusdaky maýa goýum mukdarynyň 1,5 milliard dollara golaýdygyny nygtady.

Prezident Erdogan kärdeşi Lukaşenko bilen İşewürler maslahatyna gatnaşjakdygyny aýtdy.

Belarusyň Prezidenti Lukaşenko hem İşewürler maslahatyna Türkiýeden 200, ýurdundan hem 300-den gowrak firmanyň gatnaşjakdygyny belledi.

Prezident Lukaşenko “Türkiýe bilen edýän gatnaşyklarymyza uly ähmiýet berýäris”diýdi.

 



Degişli Habarlar