“Gelsin terror guramasy sizi halas etsin”

rdogan öz ýurtlarynda terrora garşy berk çäre görenleriň Türkiýäniň terrora garşy göreş hukugyny bökdemäge synanşýandygyny ýatlatdy

607226
“Gelsin terror guramasy sizi halas etsin”

 

Prezident R. T. Erdogan Halklaryň demokratik partiýasynyň geçen hepde tussag edilen halk deputatlarynyň geçmişde “Arkamyzy PKK/PÝD/ÝPG-ä ýaplaýarys” diýendiklerini ýatladyp; “Gelsin şol terror guramasy indi sizi halas etsin” diýdi.

Prezident Erdogan Stambulda Erkin senagatçylar we işewür adamlary jemgyýetiniň EXPO sergisiniň açylyş dabarasynda çykyş etdi.

Prezident Erdogan çykyşynda gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlaryna ünsi çekdi.

Türkiýäniň şol halk deputatlaryna TBMM-niň gapylaryny açyp, ol ýerde syýasat alyp barmaklaryna mümkinçiklik döredendigini nygtan Erdogan, “Emma TBMM-e girip döwlete garşy tutum alyp barýarlar we “Sen menden düşündiriş alyp bilmersiň” diýýärler. El degrilmesizligiň ýatyrlandygy sebäpli elbetde sen düşündiriş bermeli bolarsyň. El degrilmesizligiň ýatyrlandygy üçin sen hem ýönekeý raýatlardan biri. Başga syýasy partiýalaryň liderleri ýeri gelende düşündirişini berýär we adaty işini dowam etdirýär. Siz şeýle hereket etmediňiz tersine garşy tutum alyp bardyňyz. Biziň arkamyzda PKK bar, PÝD bar, ÝPG bar diýdiňiz. Gelsin olar sizi halas etsin” diýip belledi.

Prezident Erdogan öz ýurtlarynda terrora garşy berk çäre görenleriň Türkiýäniň terrora garşy göreş hukugyny bökdemäge synanşýandygyny ýatlatdy.

Prezident Erdogan bu meselede ÝB-de berk reaksiýa görkezdi we “Utanman Türkiýäniň ÝB-ne agzalyk gepleşikleri gözden geçirilmeli” diýýärler. Gijä galdyňyz dessine gözden geçiriň, diňe gözden geçirmek bilen hem çäklenmäň we anyk kararyňyzy beriň. Türkiýe terrora garşy göreşini buýsançly ýagdaýda dowam etdirýär. Siz muny gözden geçirmek isleýän bolsaňyz onda gijä galdyňyz. Çünki biz terrora garşy tutanýerli göreşimizi dowam etdireris” diýdi.

Prezident Erdogan Ýewropaly ýurtlaryň Türkiýäniň ÝB-ne agzalyk gepleşikleri saklanan halatynda Türkiýedäki 3 million bogsunyň özlerine ugradylmagyna ala bildirýändigini aýratyn belledi.

 

 



Degişli Habarlar