Erdogan: “Arkasyny bir ýere ýaplanlar onuň jerimesini çekmäge dowam ederler”

Prezident R.T.Erdogan arkasyny bir ýerlere ýaplanlaryň onuň jerimesini çekmäge dowam etjekdiklerini aýtdy

606702
Erdogan: “Arkasyny bir ýere ýaplanlar onuň jerimesini çekmäge dowam ederler”

Erdogan Ankaranyň Söwda Birleşmesiniň Maslahatlar merkezinde Söwdagärleriň we senetkärleriň 5-nji geňeşinde çykyş etdi.

Prezident Erdogan ol ýerde sözlän sözünde: “Biziň Türkiýe Respublikasyndan başga döwletimiz ýok. Hiç kim başga haplar düzmesin. Başga hasaplar düzenler onuň jerimesini çekerler we çekýärler. Arkasyny bir ýere ýaplanlar onuň jerimesini çekmäge dowam ederler. Biz arkamyzy haka we halka ýapladyk, biziň tapawumydyz şu” diýdi.

Çykyşynda Fetullahçy terror guramasy barada-da durup geçen Erdogan: “Bu agdarlyşyk synanşygy üstünlikli bolsady, FETÖ näme ederdi? Diňe özüne tabyn bolanlara ýaşaýyş hakyny berýän guramanyň garaňky taraplaryna göz ýetirmek üçin ýene-de näçe tejribe gerek bolar? FETÖ-niň “himmet” ady bilen söwdagärlerimizden we senetkärlerimizden hamala diýersiňiz paç alýan, maddy basyş bilen birlikde ruhy hemleden-de peýdalanan düşünjesi ne ahlaga ne-de yslama bap gelýär. Biziň medeniýetimizde şeýle hereketlere asla ýer ýok” diýdi.

15-nji iýulyň, FETÖ-nin hakyky ýüzüni görüp bilmedikler üçin soňky duýduryşdygyny, muňa garamazdan entegem guramanyň içinde galmaga dowam eden bar bolsa ynanjyna, ýurduna, milletine aç-açan dönüklik edýändigini nygtan Erdogan, onuň terror guramasy PKK üçin hem şeýledigini aýtdy.

PKK-nyň we onuň jemgyýetçilik, syýasy tarapdarlarynyň Türkiýäniň öňüne böwet basmak üçin bir ulag, serişde hökmünde peýdalanylýandynyň aç-açan hakykatdygyny nygtan Erdogan: “Ýurduny we milletini söýýän her bir raýatyň başgan geçirilýän şu ynjyk döwürde ähli şertleri hem-de güýji bilen döwletine eýe çykmagy, ynanç, messep we etniki aýralykçylara ýol bermezligi möhüm. Günbataryň gazetleri, ministrleri bilen Türkiýä garşy durýarlar. Eýsem meniň ýolbaşçylygyny edýän partiýam ýapylanda siz niredediňiz” diýdi.



Degişli Habarlar