Germaniýa Türkiýedäki terrorçylary iň köp kabul eden ýurt

Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşogly Germaniýanyň Türkiýedäki terrorçylary iň köp kabul eden ýurt bolmak bilen tankyt etdi

606176
Germaniýa Türkiýedäki terrorçylary iň köp kabul eden ýurt

Çawuşogly resmi sapar bilen Türkiýä gelen bosniýaly kärdeşi Igor Krnadak bilen geçiren metbugat ýygnagynda gün tertibiniň ileri tutulýan meseleleri bilen bagly soraglara jogap berdi.

Terror guramasy DHKP/C agza terrorçylaryň Germaniýada işlerini rahat ýagdaýda dowam etdirýändiklerini ýatladan Mewlüt Çawuşogly Fetullahçy terror guramasyna agzalaryň hem esasan bu ýurda gitmegini Türkiýä garşy duşmançylygynyň bu ýerde örän ulydygy sebäplidigini habar berdi.

Çawuşogly: “Germaniýa hemişe Türkiýä garşy bolan insiatiwalary saýlaýar. Biz nemeslerden siziň Türkiýe bilen paýlaşyp bilmeýän näme meseleleriniň bardygyny soradyk. Türkiýäniň ösmegini islänoklar. Türkiýä näme üçin görüplik edýärsiňiz? Germaniýadan 4 müň PKK-ly terrorçynyň berilmegini isledik, şu wagta çenli birinem bermediler” diýip nägilelik bildirdi.

Mewlüt Çawuşogly Rakka operasiýasynyň hem üstünde durup geçip aýralykçy terror guramasy PKK-nyň Siriýadaky goly bolan ÝPG-niň bu şähere girmejekdigini belledi.

Çawuşogly birnäçe hepde soň başlajak Rakka operasiýasy bilen bagly amerikaly resmiler bilen gepleşikleriň dowam etdirilýändigini nygtap: “Biz hemişe ýerli güýçlere ýöriteleşdirilen toparlarymyzyň goldaw bermegini öňe sürdik.  Ýewfrat galkany operasiýasynda ýörite güýçlerimiziň Azat Siriýa goşunyna goldaw berişi ýaly” diýdi.



Degişli Habarlar