"Biz ýurdumyzyň we milletimiziň ýagty geljegi üçin näme etmeli bolsa ederis”

Prezident R. T. Erdogan Halklaryň demokratik partiýasyna agza käbir halk deputatlaryň göz tussaglygyna alynmagy we tussag edilmegi barada garaýyş beýan etdi

605107
"Biz ýurdumyzyň we milletimiziň ýagty geljegi üçin näme etmeli bolsa ederis”

Stambulyň Üsküdar etrabynda ýerleşýän Saglyk bilimleri uniwersitetine degişli hassahananyň açylyş dabarasynda söz sözlan Prezident Erdogan Türkiýäniň soňky 3 ýylda başdan geçiren wakalary sebäpli tutumynyň üýtgändigini we täze iş meýilnamasy bilen öňe barýandygyny aýtdy.

Prezident Erdogan “El degrilmesizlikleri arkaly mejlise, döwlete, millete, adalat organlaryna garşy tutum alyp baran hatda olary kemsidenler Türkiýäni halkara derejesinde kyn ýagdaýa düşürmegi maksat edindiler. Men şuňa meňzeş hüjümlerden asla gorkmaýaryn we aladalanmaýaryn. Meniň üçin esasy zat halkymdyr” diýdi.

Prezident Erdogan “Biz ýurdumyzyň we milletimiziň ýagty geljegi üçin näme etmeli bolsa ederis” diýip belledi.

Ýewropa ýurtlarynyň Halklaryň demokratik partiýasyna (HDP) agza käbir halk deputatlaryň göz tussaglygyna alynmagy we tussag edilmegi hakyndaky tankydy belliklerine garşylyk görkezen Prezident Erdogan, “Düşündiriş bermekleri üçin çagyrlan ady agzalýan partiýanyň halk deputatlary ulaglary bilen terrorçylara ýarag daşamak, terrorçy gatnatmak, terror guramasyna goldaw bermek bilen aýyplanýar. Şol aýyplamalaryň hiç biri halk deputatlarynyň jogapkärçiligi we çini bilen arabaglanşykly däldir. Eger siz halk deputaty ýaly däl eýsem terrorçy ýaly hereket edýän bolsaňyz elbetde sizede terrorçy ýaly çemeleşerler” diýdi.

Prezident Erdogan çykyşynda hukugyň üstünligine hem ünsi çekdi.


Etiketkalar: #Üsküdar , #HDP , #deputat , #millet

Degişli Habarlar