HDP-li käbir deputatlar boşaldyldy

Halklaryň demokratik partiýasyndan Selahattin Demirtaş we Figen Ýüksekdag Diýarbakyrda, Idris Balüken Bingölde, Leýla Birlik we Nursel Aýdogan bolsa Şyrnakda göz tussaglygyna alyndylar

604141
HDP-li käbir deputatlar boşaldyldy

Halklaryň demokratik partiýasyndan 5 deputat partiýanyň beýleki 5 deputaty ýaly düýn agşam terror bilen baglanşykly gozgalan derňew işiniň çäginde göz tussaglygyna alynypdy.

Göz tussaglygyna alynan HDP-nyň Diýarbakyrdan deputaty Ziýa Pir bilen Imam Taşçyer bolsa gözegçilik şerti esasynda azat edildi.

HDP-nyň Ankara deputaty Syrry Süreýýa Önder hem şertli ýagdaýda boşaldyldy.

Göz tussaglygyna alynan deputatlaryň arasyndaky Selahattin Demirtaş we Figen Ýüksekdag tussag edilmek baradaky talap bilen kazyýete iberildi.

Içeri işler ministrligi göz tussaglygyna alynan deputatlar “Aýralykçy terror guramasy PKK-nyň propogandasyny etmek”, “Etmişi we günälini öwmek”, “Halky kine we duşmançylygy öjükdirmek”, “Ýaragly terror guramasyna agza bolmak” we “Döwletiň birligini we bütewiligini bölmäge synanyşyk” ýaly aýyplamalar bilen günäkärlenýär.

Türkiýäniň Beýik Millet mejlisinde şu ýylyň mart aýynda kabul edilen karar bilen dürli-dürli partiýalardan 148 deputatyň eldegrilmesizlikleri ortadan aýrylypdy.

Şol deputatlaryň arasyndaky Halklaryň demokratik partiýasyndan bolan deputatlar terrora garşy göreş derňewiniň çäginde ençeme gezek prokuratura çagyrylsada, barmakdan ýüz öwürdiler.

Şol sebäpli Diýarbakyr, Hakkari, Wan, Şyrnak we Bingöl Respublika Baş prokuraturalary tarapyndan alynyp barylýan terror bilen baglanşykly gozgalan derňew işiniň çäginde HDP-li 11 deputaty göz tussaglygyna almak barada karar kabul edildi.



Degişli Habarlar