“Yrak serhedine ornaşdyrylýan harby ulaglar öňüni alyş çäre maksady bilen ornaşdyryldy”

Türkiýäniň Daşary işler ministr Mewlüt Çawuşogly Yragyň Premýer ministri Haýdar Al Abada nägilelik bildirdi

602114
“Yrak serhedine ornaşdyrylýan harby ulaglar öňüni alyş çäre maksady bilen ornaşdyryldy”

Antalýada metbugat işgärleriniň soraglaryna jogap beren Mewlüt Çawuşogly harbylaryň serhediň Yrak tarapyndaky terror guramalaryna garşy taýarlykly garaşdyrylýandygyny habar berdi.

Çawuşogly Yragyň Premýer ministri Haýdar Al Abadiniň Yrakdaky terror howpyna garşy göreş üçin Başikada ýerleşýän türk harbylaryň barlygy bilen baglanşykly sözlerine nägilelik bildirdi.

Yragyň territorial bütwiligine we garaşsyzlygyna Türkieýeden has güýçli goldaw berýän başga bir ýurduň bolmandygyny bellän Çawuşogly: “Yragyň howpsyzlygy we asudalygy biziň öz ýurdumyzyň howpsyzlygy we asudalygy ýaly möhümdir” diýdi.

Mewlüt Çawuşogly: “Yragyň territorial bütewligini goldaýan Türkiýe barada resmi Bagdadyň öz içindäki meseleler ýa-da käbir ýurtlaryň küşgürmegi bilen aýdan sözleri dogry däldir” diýdi.

Başikadaky türk harbylaryň barlygy barasynda Bagdat hökümetiniň eden çykyşlarynada reaksiýa bildiren ministr Çawuşogly: “Seniň güýjiň bar bolsa näme üçin Mosuly terror guramalaryna berdiň? Sen şolar ýaly güýçli bolýan bolsaň näme üçin PKK seniň topraklaryňda? Bir terror guramasyna garşy göreşip bileňok, ejizsiň, ondan soň bolsa  dawa edýärsiň. Bular biz üçin boş zatlar. Biz çäre görjekdigimizi ozal hem aýdypdyk. Häzirki wagtda bolsa çärelerimizi görýäris” diýdi.



Degişli Habarlar