Terror hüjümi sebäpli 3 polis gullukçysy ýaralandy

Mardin welaýatynyň Kyzyltepe etrabynda Adalat we ösüş partiýasynyň Kyzyltepe etrap bölüminiň öňünde nobata duran üç polis gullukçysy terror guramasy PKK tarapyndan guralan hüjüm sebäpli ýaralandy

600051
Terror hüjümi sebäpli 3 polis gullukçysy ýaralandy

Ak partiýanyň etrap binasynyň öňünde nobata duran polislere düýn agşam Türkiýe wagty bilen 21:50-de terrorçylar tarapyndan bomba atyldy, soň bolsa od açyldy.

Howpsyzlyk külbesindäki polisleriň hüjüme gaýtawul bermegi sebäpli çaknyşyk başlady.

Gysga dowam eden çaknyşykdan soň terrorçylar wakanyň bolan ýerinde gaçdy, 3 polis gullukçysy bolsa ýaralandy.

Terrorçylaryň ele salynmagy üçin etrapda giň gerimli operasiýa başladyldy.

Beýleki tarapdan Hataý welaýatynyň Amanys daglarynyň Akarja diýilýän ýerinde daş känine degişli iş ulagy we bir kiçi ulag terrorçylar tarapyndan oda berildi.

Ekstremist terror guramasy PKK terrorçylarynyň iki iş ulagyny depeden aşak daşlan wakasy boýunça derňew işi başladyldy.



Degişli Habarlar