Hakkaride 3 esger şehit boldy

Çaknyşykda 4 terrorçy täsirsiz ýagdaýa getirildi

600631
Hakkaride 3 esger şehit boldy

Hakkari welaýatynyň Ýüksekowa etrabynyň Daglyja etrapçasynda howpsyzlyk güýçleri bilen aýralykçy terror guramasy PKK-a agza terrorçylaryň arasynda bolan çaknyşykda 3 esger şehit boldy, bir esger ýaralandy.

Çaknyşykda 4 terrorçy hem täsirsiz ýagdaýa getirildi.

Howpsyzlyk güýçleri bilen terrorçylaryň arasyndaky çaknyşyklar dowam edýär.

Hakkariniň Çukurja etrabynda 29-njy oktýabrda terrorçylar tarapyndan guralan hüjümde 3 esger şehit bolupdy, 5 esger hem ýaralanypdy.

 

 



Degişli Habarlar