Ýewfrat galkany operasiýasynyň 66-njy gününde 8 oppozisioner şehit boldy

Çaknyşyklarda şeýle hem 34 oppozisioner ýaralandy

598925
Ýewfrat galkany operasiýasynyň 66-njy gününde 8 oppozisioner şehit boldy

Siriýanyň demirgazgynyň terrorçylardan saplanmagy üçin 24-nji awgustda Türkiýäniň ýolbaşçylygynda başladylan Ýewfrat galkany operasiýasynyň 66-njy gününde 8 oppozisioner şehit boldy, 34 oppozisioner bolsa ýaralandy.

Hyzmatdaş güýçler bolsa Numan diýilen ýerde anyklanan terror guramasy DAIŞ-iň ýerlerine garşy guran 2 aýry howa hüjüminde 2 terrorçyny täsirsiz ýagdaýa getirdi.

Operasiýada mundan başgada ozaldan anyklanan DAIŞ-e degişli 127 we PÝD/PKK degişli 8 ýere hüjüm guralyp, terror guramalary tarapyndan guraljak hüjümleriň öňi alyndy.

Operasiýanyň başlangyjyndan bäri 164 aýry ýerde takmynan 1305 inedördül km ýer gözegçilik astyna alyndy.

DAIŞ-den basylyp alynan sebitlerde 1 mina we 6 sany elde ýasalan partlaýjy gözegçilik astynda partladyldy.

Operasiýanyň başlangyjyndan bäri 32 mina we 1362 sany elde ýasalan partlaýjy täsirsiz ýagdaýa getirildi.



Degişli Habarlar