Prezident Erdogan arçynlar bilen duşuşdy

Türkiýäniň dürli etraplaryndan arçynlary kabul eden Erdogan olara ýüzlenip çykyş etdi

597666
Prezident Erdogan arçynlar bilen duşuşdy

Arçynlary Prezidentiň kompleksinde kabul eden Erdogan: “Türkiýe Yrakda we Siriýada başdan geçirilýän her bir wakanyň içinde hökmany suratda orun eýelär” diýdi.

Prezident R.T.Erdogan Siriýanyň Munbiç eterabynda terror guramasy PKK-nyň bölümi PÝD-den saplanmagy meselesinde ygrarlydyklaryny nygtap: “Yragyň bolsa messep söweşine girişmegine ýol bermeris” diýdi.

Siriýada 24-nji awgustdan bäri dowam edýän “Ýefrat galkany” opersaiýasy barada-da durup geçen Preident Erdogan: “Jarablusa gireris diýdik. Azat Siriýa goşuny öňde, biz yzdan logistiki goldaw bilen girdik. İndi Jarablusyň halkyň yzyna dolanyp bardy. İnfrastrtukturany dikeldiş işleri dowam edýär, çagalar mekdebe gidýär. Soň Al Rai etrabyna baryldy. Soň Dabykga tarap gidildi. DAİŞ köp garşylyk görkezdi, emma Dabyk alyndy. İndi Al Baba tarap gidilýär. Al Babdan Munbije tarap gidiler. PÝD/ÝPG-ä garşy göreşilýär. Biz DAİŞ, ÝPG/PÝD terror guramalary bilen görermäge dowam ederis. Gysga möhletde Munbiji PÝD-den saplarys. Ýa terk edip Ýefradyň gündogaryna giderler, eger gitmeseler degişli çäräni göreris” diýdi.

Prezident Erdogan Russiýanyň Prezidenti Wladimir Putin bilen geçiren telefon söhbetdeşliginde: “Halapda terror guramalaryna garşy bilelikde göreşeli diýdim, emma Halap halaplylaryňkydyr” diýendigini nygtap, Halap barada hasap düzmegin ýerlikli bolmajakdygyny aýtdy.

Yragyň bolsa messep söweşine goşulmagyna ýol bermejekdiklerini nygtan Prezident Erdogan: “DAİŞ musulmanlary çykgynsyz ýagdaýa düşürdi. İndi “şaýylyk messebi bilen musulmanlary gyrmagyň ýollary gözlenýär” diýip duýdurdy.

Prezident Erdogan Fetullahçy terror guramasy-Parallel döwlet ulgamy barada-da durup geçdi.

15-nji iýulyň esasy ejir çekeniniň şol gijeki şehitlerdigini beýan eden Erdogan: “Kim FETÖ agzalarynyň ejir çekýändigini aýdýan bolsa, dönüklik edýär” diýdi.



Degişli Habarlar