Türkiýe-Russiýa gatnaşyklary özgerýär

Duşuşykda mundan başgada sosial medianyň ulanylmagy ara alynyp maslahatlaşyldy.

596532
Türkiýe-Russiýa gatnaşyklary özgerýär

 

Türkiýäniň we Russiýanyň Daşary işler ministrlikleriniň arasyndaky metbugat we maglumat ugurlaryndaky geňeşiň ikinjisi Türkiýäniň Daşary işler ministrliginiň metbugat geňeşçisi Tanžu Bilgiç bilen Russiýanyň Daşary işler ministrliginiň metbugat geňeşçisi Mariýa Zaharowanyň ýolbaşçylyklaryndaky wekilleriň arasynda 24-nji oktýabrda Moskwada geçirildi.

Moskwada düýn geçirilen geňeşde iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklaryň kadalaşmagynyň çägindäki metbugat we maglumat ugurlaryndaky hyzmatdaşlyk mümkinçilikleri orta atylyp, metbugat işgärleriniň saparlarynyň ikitaraplaýyn ýagdaýda artdyrylmagy we iki ýurtda iş alyp barýan žurnalistleriň işleriniň ýeňilleşdirilmegi bilen baglanşykly meseleler ara alynyp maslahatlaşyldy.

Duşuşykda mundan başgada sosial medianyň ulanylmagy barada pikir alyşyldy.

Iki ýurduň arasyndaky metbugat we maglumat ugrundaky geňeşiň ilkinjisi 2014-nji ýylyň dekabr aýynda Ankarada geçirilipdi.



Degişli Habarlar