“Terrora garşy göreşde BMG-nyň esasy orun eýelemegini isleýäris”

Türkiýäniň Prezidenti R.T. Erdogan terrora garşy göreşde BMG-nyň esasy orun eýelemegini isleýändiklerini nygtady

596500
“Terrora garşy göreşde BMG-nyň esasy orun eýelemegini isleýäris”

Prezident Diwanynyň Metbugat merkezi tarapyndan berilen beýanata görä Prezident Erdogan BMG-nyň döredilmeginiň 71-nji ýyly mynasybetli ýüzlenme çap etdi.

Prezident Erdogan ýüzlenmesinde: “Diňe ýurdumyz üçin däl, eýsem ähli halkara jemgyýetiň howpsyzlygyna howp abandyrýan DAIŞ, Al Kaýda, PKK, PÝD/ÝPG, DHKP-C we FETÖ ýaly guramalara garşy täsirli göreş üçin BMG-na agza ähli ýurtlaryň berýän goldawynyň dowam etmegini dileýäris” diýip belleýär.

Döreden ýurtlaryň arasynda Türkiýäniň hem bolan BMG-nyň döredilmeginiň 71-nji ýylynyň millet üçin we bütin adamzat üçin gutly bolmagyny dilän Prezident Erdogan esaslandyrlmagyndan bäri BMG-nyň we oňa wekilçilik edýän gymmatlyklaryň goragçylarynyň biri bolan Türkiýäniň global parahatçylyk we howpsyzlyk, araçylyk, galkynyş, ynsanperwer kömek, daşky gurşaw we medeniýetler birleşigi ýaly belli ugurlarda köp iş edendigini habar berdi.

BMG-nyň býujetini soňky ýyllarda barha artdyrýan Türkiýäniň bir tarapdan materikleriň we medeniýetleriň ýolunda ýerleşýän Stambuly BMG-nyň merkezine öwürmek üçin tagalla edýändigini bellän Erdogan gadymy taryhy, baý medeni mirasy, strategik ýerleşişi we tebigy gözellikleri bilen Stambulyň  BMG-nyň merkezi hökmünde guramanyň missiýasyna we maksatlaryna örän uly goşnatlar goşjakdygyny mälim etdi.



Degişli Habarlar