Prezident Erdogan Mosul we Halap bilen baglanşykly beýanat berdi

Türkiýäniň Prezidenti R.T. Erdogan Mosulyň messepçilige gurban edilmeginiň ol ýerdäki meseläni Türkiýäniň serhetlerine ýetirjekdigini belläp, onuň öňüniň alynmagynyň zerurudygyna ünsi çekdi

592949
Prezident Erdogan Mosul we Halap bilen baglanşykly beýanat berdi

Prezident Erdogan paýtagt Ankarada Arçynlaryň 28-nji maslahatynda çykyş etdi.

Erdoganyň gün tertibinde Mosul operasiýa bilen birlikde Siriýanyň Halap şäherindäki wakalar hem bardy.

Türkiýäniň asudalygy üçin nirede gerek bolsa, ol ýerde göreşjekdigini, şol salgynyň häzirki wagtda Mosuldygyny bellän Erdogan: “Olar ýaly bolsa Mosulda bolarys. Harby howa güýçlerimiziň Mosul operasiýasyna gatnaşmagy babatynda ABŞ bilen ylalaşyk gazandyk. Beýleki meseleler babatynda hem öňe gidişlikler etdik” diýdi.

Türkiýäni terror guramalary FETÖ, PKK we DAIŞ bilen ünsini sowup, Mosuldan uzak durmagyny isleýänleriň bardygyna ünsi çeken Prezident Erdogan: “Biziň geljegimizi, biziň özygtyýarlylygymyzy terror guramalary bilen şekillendirip bolýandygyny pikir edýänler ýalňyşýarlar. Gaýtam tersine şol guramalaryň ýaraglary ellerinde partlar. PKK-nyň goly bolan PÝD-ÝPG-niň, messepçi Bagdat hökümetiniň, Asadyň ýanyndakylara duýduryş berýärin: ýalňyş ýol saýladyňyz, ýakmak isleýän odyňyz bizden öň sizi ýakar” diýdi.

Prezident Erdogan Siriýada bolsa 5 müň inedördül km terrordan saplanan howpsyz zolak taslamasynyň durmuşa geçirilmeginiň uly böleginiň ýerine ýetirilendigini belledi.

“Halapda ýanýan ody öçürmek biziň ol ýerdäki doganlarymyzyň öňündäki borjumyzdyr” diýen Prezident ol ýerde başlajak göçleriň azyndan 1 million adamyň Türkiýä gelmegi bilen netijelenjekdigini nygtady.

Ol gözel Halap, ol medeniýet, taryhy şäher nähili boldy? Daşyň üstünde daş galmady diýen Erdogan “Içim ýanýar” diýdi.

24-nji awgustda başlan Ýewfrat galkany operasiýasynyň çäginde Jerablus, Rai we Dabyk  ýaly ýerleriň terror guramasy DAIŞ-den saplanandygyny aýdan Prezident Erdogan: “Ondan aşakda näme bar? Al Bab bar. Ol ýere hem gideris. Sebäbi biz üçin howply ýer ýerimiz Dabyk bilen çäklenmeýär, Al Babyň hem günortasyna ýetýär. Ol ýerden Münbiçi hem gabaw astyna almagymyz gerek” diýdi.

R.T. Erdogan Siriýada Türkiýäniň 2 aýda alan netijesiniň ozal 4 ýylda alynmandygyny belledi.



Degişli Habarlar