Ekstremist terror guramasy PKK garşy operasiýalar dowam edýär

Tunjeli welaýatynyň çetki etraplarynda operasiýa başladan howpsyzlyk güýçleri 10 terrorçyny ýok etdi

591604
Ekstremist terror guramasy PKK garşy operasiýalar dowam edýär

Terrorçylar bilen bolan çaknyşykda 1 ýefreýter ýeňil ýaralandy. Operasiýada 8 sany ýarag ele salyndy. Etrapda geçirilen başga bir operasiýada bolsa howpsyzlyk güýçleriniň ýoluna goýulan partlaýyjylar ýok edildi.

Bitlis welaýatynyň Tatwan etrabynda guralan operasiýada bolsa 4 ýarag, 6 granat, 4 partlaýyjy, ok-däri we beýleki enjamlar ele salyndy.

Muş welaýatynda geçirilen operasiýada bolsa 8 şübheli saklandy.

Howpsyzlyk güýçleri tarapyndan Siirt welaýatynda geçirilen operasiýada bolsa 3 terrorçy ýok edildi. Operasiýada terrorçylara degişli M-16 tipli tüpeň, 2 kalaşnikow tüpeňi we şol ýaraglar üçin köp mukdarda ok-däri ele salyndy. Etrapda gözleg we barlag işleri dowam edýär.



Degişli Habarlar