Çelik: “Rasist syýasat Erdogana we Türkiýä garşy”

ÝB ministri Ömer Çelik Ýewropada ýaýbaňlanýan rasist syýasatyň Prezident Erdogana we Türkiýä garşy alynyp barylýandygyny aýtdy

629252
Çelik: “Rasist syýasat Erdogana we Türkiýä garşy”

Ministr Çelik 2017-nji ýylyň býujeti boýunça Mejlisde dowam edýän maslahatda çykyş etdi.

Ýewropada ýaýbaňlanýan rasist syýasatlar barada durup geçen Çelik, Türkiýäniň Ýewropada myhman däl, eýsem ýer eýesidigini aýtdy.

Käbir Ýewropa ýurtlarynyň Türkiýä garşy durýandygyny beýan eden Ömer Çelik; “Türkiýä garşy matruşka meňzeş syýasat alynyp barylýar. Onuň iň ýokarysynda Ýewropanyň metbugatynda görülşi ýaly Erdogan fobiasy döredilýär. Şol çäkde halk köpçüligini zäherleýän propoganda alyp barýarlar. Aşagyndan bolsa Türkiýe fobiasy çykýar, onuň aşagyndan islamafobiýa çykýar” diýdi.

Bosgunlar meselesinde Ýewropanyň synagdan geçip bilmändigini ýatladan ministr Çelik, Türkiýä demokratiýa sapagyny bermäge synanşýan günbatara reaksiýa görkezip: “Bosgunlar meselesinde Ýewropa gynansagam ynsanperwerlik borjuny berjaý edýän perspektiwa eýe bolup bilmedi. Türkiýe 3 million adamy kabul etdi. Ýewropanyň taýarlan Ösüş habarnamalary Türkiýedäki hakykatlary beýan etmeýär” diýdi.



Degişli Habarlar