Türk Akymynda gollar goýuldy…

Rus tebigy gazyny Türkiýä akdyrjak ylalaşyga türk we rus energetika ministrleri gol çekdiler

586876
Türk Akymynda gollar goýuldy…

Stambulyň Mabeýn köşkünde geçirilen gol çekişlik dabarasyna Prezident R.T.Erdogan bilen 23-nji Bütindünýä Energetika maslagatyna gatnaşmak üçin Türkiýä gelen Russiýanyň Prezidenti Wladimir Putin hem gatnaşdy.

Gollaryň goýulmagyndan soň geçirilen metbugat ýygnagynda söz sözlän Prezident R.T.Erdogan Putin bilen geçiren we 1,5 sagat dowam eden ikiçäk duşuşygynda özara gatnaşyklaryň energetika ugry bilen birlikde medeniýet, syýahatçylyk we söwda ýaly ugurlary hem ara alyp maslahatlaşandyklaryny aýtdy.

Russiýa bilen gatnaşyklaryň kadalaşma tapgyrynyň ýokary depginde dowam etjekdigine ynanýandygyny nygtan Prezident Erdogan, Ýokary derejeli geňeşiň mejlisiniň birnäçe aýyň dowamynda geçiriljekdigini mälim etdi.

Erdogan sebitde başdan geçirilýän wakalaryň çäginde Putin bilen Siriýa, “Ýefrat galkany” opersaiýasy we Halapdaky pajyganyň gumanitar tarapyny seljerip, hyzmatdaşlyk ugurlary barada pikir alyşandyklaryny aýtdu.

Erdogan iki ýurduň ýokary derejeli býurokratlarynyň bu meseleleri bilelikde seljerjekdiklerini nygtady.

Erdogan Putin bilen Akkuýu atom energiýa bekedi barasynda mundan beýläk işleriň depginini güýçlendirmek barada ylalaşandyklaryny nygtap, ýitirilen wagtyň öweziniň dolunjakdygyna ünsi çekdi.

Prezident Wladimir Putin bolsa sözlerine Bütindünýä Energetika maslahaty mynasybetli türk tarapyny gutlamak bilen başlady.

Erdogan bilen özara gatnaşyklar barada pikir alyşandyklaryny aýdan Putin, işleriň depginini güýçlendirmek üçin ylalaşandyklaryny nygtady.

Türkiýeden ter gök we miwe önümleriniň, käbir ekerançylyk önümleriniň eksportynyň ýaňadandan açylandygyny beýan eden Putin, onuň iki tarap üçin hem bähbitlidigini aýtdy.

Duşuşykda energetika pudagyndaky hyzmatdaşlygyň Akkuýu bekedi bilen birlikde seljerilendigini aýdan Wladimir Putin, taslamanyň çäginde hünärmenlere tälim beriljekdigini aýtdy.

Putin Türkiýä akdyrylýan tebigy gazyň nyrhynyň aşakladylmagy barada-da Prezident Erdogan bilen ylalaşandyklaryny habar berdi.

Türkiýäniň we Russiýanyň Siriýadaky çaknyşyklaryň bes edilmegini isleýändigini nygtan Wladimir Putin, Siriýada syýasy geçiş tapgyrynyň başlmagyny tama edýändigini aýtdy.

Wladimir Putin Siriýanyň Halap şäherine ynsanperwer kömeginiň ýetirilmegini isleýändiklerini, emma haýsydyr bir meçew bermä ýol bermezlik üçin Amerikan hökümetine teklip hödürländiklerini nygtap: “Emma olar oňa ýakyn durmaýar” diýdi.

Putin Halapda çaknyşyklaryň bes edilmegi üçin BMG-niň ýörite wekili Staffan de Misturanyň hödürlän “ýarag taşlamak islemeýän toparlaryň sebitden çetleşdirilmegi” baradaky teklibine oňyn garaýandygyny aýtdy.



Degişli Habarlar