Türkiýe Başika bazasy boýunça berk pozisiýa eýeledi

Premýer ministr Binali Ýyldyrym türk harby güýçleriniň Yragyň Başika bazasynda galmaga dowam etjekdigini aýtdy

584104
Türkiýe Başika bazasy boýunça berk pozisiýa eýeledi

Ýyldyrym 9-njy Söwda we senagat geňeşiniň Türkiýäniň Biržalar we birleşmeler bileleşiginde sözlän sözünde Başika bazasy boýunça ýüze çykan düşnüşmezlikler barada garaýyş beýan etdi.

Binali Ýyldyrym Başikada ornaşan türk harby güýçleriniň Yrakdaky durnuksyzlyk sebäpli şol galmaga dowam etjekdigini beýan etdi.

Premýer ministr Ýyldyrym: “Yrakda 63 ýurtdan esger bar. Yragyň türk harby güýçlerine bolan garaýyşy gowy niýetli däl. Türk harby güýçleri ol ýerde galmaga dowam eder” diýdi.

Yragyň esasy şäherlerinden biri bolan Mosulyň terror guramasy DAİŞ-den saplanmagy üçin operasiýa guralmaga taýarlyk görülýärkä Yragyň merkezi hökümetiniň Başika bazasy baradaky çemeleşmesiniň düşnüksizdigini nygtan Binali Ýyldyrym: “Bu çemeleşme Yragyň hökümetine gelişmeýär. Biziň maksadymyz pajyganyň agyrlaşmagynyň öňüni almakdan ybarat” diýdi.



Degişli Habarlar