Terrorçylar 2 esgeri şehit etdi, 3 esgeri ýaralady

Diýarbakyr welaýatynyň Lije etrabynda ekstremist terror guramasy PKK-nyň agzalary tarapyndan guralan hüjümde 2 esger şehit boldy, 3 esger ýaralandy

583035
Terrorçylar 2 esgeri şehit etdi, 3 esgeri ýaralady

Abaly Žandarm galasynyň Kyllyhanetepe diýilýän ýerdäki bazasynyň gurluşygynda peýdalanylýan ulaglary goraýan harby gullukçylara guralan hüjümde 3 esger ýaralandy.

Ýaraly esgerler hassahanada bejergi alýar.

Terrorçylaryň ýok edilmegi üçin etrapda operasiýa başladyldy. Operasiýa harby uçarlar hem gatnaşýar.

Şanlyurfa welaýatynyň Wiranşehir etrabynda bolsa PKK terrorçylary Karakuzu Žandarm galasyna hüjüm gurady.

Çaknyşykda ýaralanan 1 esger hassahada aradan çykdy.

Bitlis welaýatynyň Sehi atly tokaýlygynda terrorçylar bilen duşuşmaga baran 2 adamdan biri guralan howa operasiýasynyň netijesinde ýogaldy, beýlekisi bolsa ýaralandy.

Tunjeli welaýatynda-da ýol kesip, “Ýefrat” elektrik paýlaýjy firmasyna degişli ulagy oda beren PKK terrorçylaryna garşy operasiýa başladyldy.

Owajyk etrabynda bolsa terror guramasyna kömek we goldaw berendigi sebäpli bir adam saklandy.



Degişli Habarlar