Çawuşogly Jon Kerri bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi

Çawuşogly bilen Kerri Siriýada dowam edýän çaknyşyklaryň bes edilmegi hakynda pikir alyşdy

580525
Çawuşogly  Jon Kerri bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi

Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşogly ABŞ-nyň Döwlet sekretary Jon Kerri bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi.

Çawuşogly bilen Kerri telefon söhbetdeşliginde Halabyň başda durmagynda Siriýada dowam edýän çaknyşyklaryň bes edilmegi hakynda pikir alyşdy.

Çawuşogly bilen Kerri şeýle hem Siriýadaky asuda ilata ynsanperwer kömeginiň berilmegi üçin görüljek çäreler hakynda pikir alyşdy.

Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşogly Makedoniýaly kärdeşi Nikola Poposki bilen hem telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi.

Iki kärdeş telefon söhbetdeşliginde guraljak ýokary derejeli saparlar hakynda pikir alyşdy.

 



Degişli Habarlar