Erdogan arçynlar bilen duşuşdy

Prezident R.T.Erdogan adatdan daşary ýagdaý dolanlyşygynyň Fetullahçy terror guramasy we PKK bilen has netijeli göreşmek maksady bilen yglan edilendigini aýtdy

579524
Erdogan arçynlar bilen duşuşdy

Erdogan Prezident kompleksinde geçirilen “Arçynlaryň 27-nji maslahatynda” arçynlara ýüzlenip çykyş etdi.

Adatdan daşary ýagdaý dolanşygy düzgünini tanyt edenlere jogap beren Erdogan: “Fransiýada üç aý goşulan üç aý we soňky gezegem 6 aý, jemi bir ýyl adatdan daşary ýagdaý dolanşygy bar. Kim Fransiýa: “Siz näme üçin bir ýyllap adatdan daşary ýagdaý ylaglan etdiňiz” diýýärmi” diýdi.

İş meýilnamasyny ýurduň hökümetiniň kesgitlejekdigini nygtan Erdogan: “Hiç kim bize iş kalendaryny bermesin, hiç kim bize ýol salgy bermesin. Ony ýurduň hökümeti kesgitlär, ýurduň degişli edaralary kesgitlär. İndi bular bize ýol görkezmäge synanşýarlar. Siz Türkiýä haçandan bäri dost bolduňyz, degişli goldawy berdiňiz? Olaryň ählisi 15-nji iýuldaky agdarlyşyk synanşygynyň üstünlikli tamamlanmagyna garaşýardy. Olaryň ähli maglumaty bize geldi” diýdi.

Erdogan 15-nji iýulyň indi “Demokratiýany we azatlyklary hatyralama” güni hökmünde bellenilip geçilmeginiň düýn Milli Howpsyzlyk Geňeşiniň mejlisinde hökümete maslahat berilendigini we her ýylyň 15-nji iýul gününiň indi şehitleri, gahrymanlary hatyralama güni hökmünde bellenilip geçiljekdigini aýtdy.

 Terror guramasy PKK bilen FETÖ-niň gatnaşygy barada-da durup geçen Prezident Erdogan: “PKK-nyň soňky döwürde ýaýbaňlanan aksiýalarynyň ýekeje sebäbi bar. FETÖ edilýän basyşy azaltmak we Türkiýäniň ýa-da Siriýada Türkiýäniň ünsüni sowmak” diýdi.



Degişli Habarlar