ABŞ-nyň döwlet sekretarynyň orunbasary Bilinken Ankarada saparda bolýar

Antoni Blinken Mejlise barýp gördi

577803
ABŞ-nyň döwlet sekretarynyň orunbasary Bilinken Ankarada saparda bolýar

ABŞ-nýň döwlet sekretarynyň orunbasary Antoni Blinken Fetullahçy terror guramasy-Parallel döwlet ulgamynyň 15-nji iýuldaky agdarlyşyk synanşygynda Mejlisiň bombalanan bölümlerine baryp gördi

Blinken, ABŞ-nyň Türkiýedäki Adatdan daşary we doly ygtyýarly ilçisi Jon Bass we bileligindäki wekiliýeti Mejlisde Halkara gatnaşyklar we Protokol bölüminiň başlygy Jemalettin Tüneý tarapyndan garşylandy.

Blinken Mejlisiň FETÖ-nin agdarlyşyk synanşygynda bombalanan ýerlerini baryp gördi.

Antoni Blinken Mejlisi aýlanyp görenden soň žurnalistleriň soraglaryna jogap berdi. Blinken özi üçin diýseň duýguly pursatlardygyny we kongresde 6 ýyl işländigini nygtap: “Halkyň wekilleriniň işleýän ýerine hüjüm guralmagynyň özi hem meselä göz ýetirmek üçin ýeterlik. Türk demokratiýasyna goldaw beren we agdarlyşyga garşy duranlara sarpa goýýandygymy beýan etmek maksady bilen güne şu ýerden başladym” diýdi.

 



Degişli Habarlar