Ýefrat Galkany operasiýasynyň çäginde DAIŞ-e degişli 60 ýer nyşana alyndy

Operasiýalarda DAIŞ-e degişli 60 ýere 171 hüjüm guraldy

574157
Ýefrat Galkany operasiýasynyň çäginde  DAIŞ-e degişli 60 ýer nyşana alyndy

Türk ýaragly güýçleriniň Siriýada 24-nji awgustda başladan Ýefrat Galkany operasiýasynyň çäginde terror guramasy DAIŞ-e degişli 60 ýer nyşana alyndy.

Baş ştab tarapyndan berlen beýanata görä operasiýanyň 28-nji gününde Azaz Rai etrabynda oppozisionerler tarapyndan Bahwurtah we Jakka etrapçalary gözegçilik astyna alyndy.

Ýeni Ýaban etrapçasynda bolsa operasiýa dowam edýär.

Operasiýalarda DAIŞ-e degişli 60 ýere 171 hüjüm guraldy.

Hyzmatdaş güýçleri hem Bahwurtah etrapçasyna 3 howa hüjümini gurady we 4 terrorçyny täsirsiz ýagdaýa getirdi.

Operasiýada 2 bina hem hatardan çykaryldy.

 

 

 



Degişli Habarlar