Hakkaride bir esger bejergi alýan hassahanasynda şehit boldy

Düýnki ýaragly çaknyşykda 3 esger şehit bolupdy, 4 esger ýaralanypdy

572339
Hakkaride bir esger bejergi alýan hassahanasynda şehit boldy

Hakkari welaýatynda howpsyzlyk güýçleri bilen PKK-ly terrorçylaryň arasynda ýüze çykan çaknyşykda ýaralanan 1 esger bejergi alýan hassahanasynda şehit boldy.

Düýn Hakkari welaýatynyň merkezine degişli Agaçdibi obasynda geçirilen operasiýada aýralykçy terror guramasyna agza terrorçylaryň howpsyzlyk güýçlerine garşy guran hüjüminde ýaralanan esgeri biri bejergi alýan hassahanasynda ähli tagallalara garamazdan halas edip bolmady we şehit boldy.

Düýnki ýaragly çaknyşykda 3 esger şehit bolupdy, 4 esger ýaralanypdy. 

Sebitde howa ulaglarynyň goldaw bermeginde guralan operasiýada 5 terrorçy öldürilipdi.



Degişli Habarlar