PKK-ly terrorçylar obanyň goragçylaryny we esgerleri nyşana aldylar

Hüjümde jemi 8 adam wepat boldy

571308
PKK-ly terrorçylar obanyň goragçylaryny we esgerleri nyşana aldylar

Agry welaýatynyň Dogubaýazyt etraby bilen Wan welaýatynyň Çaldyran etrabynyň serhetleriniň arasyndaky Tendürek dagynyň Gökçebulak obasyna PKK-ly terrorçylar tarapyndan guralan ýaragly hüjümde 7 goragçy we 1 esger şehit boldy, 4 esger bilen asuda ilatdan 2 adam ýaralandy. 

Çaknyşykdan soň terrorçylara degişlidigi anyklanan ýerlere toplar bilen hüjüm guraldy.

Howadan uçarlaryň we dik uçarlaryň goldaw bermeginde operasiýa başladyldy.

Ýaralananlar Dogubaýazyt döwlet hassahanasynda bejergi astyna alyndy.

 



Degişli Habarlar