Siriýa iberilen ynsanperwer ýük ulaglary Jilwegözü gümrük geçelgesinden geçdi

ABŞ-nyň we Russiýanyň ýolbaşçylygynda Siriýada 7 günlük od açmazlyk barada ylalaşyk ýola goýuldy

570337
Siriýa iberilen ynsanperwer ýük ulaglary Jilwegözü gümrük geçelgesinden geçdi

Parahatçylyk ylalaşygyndan soň ynsanperwer ýük ulaglary Jilwegözü gümrük geçelgesinden Siriýa geçdi. 

Türkiýeden ynsanperwer ýük daşaýan 20 ulagyň Siriýa geçendigi habar berildi.

Türk resmileri tarapyndan berilen beýanatda azyk, çaga egin-eşigi we oýunjak daşaýan ýük ulaglarynyň Halapyň demirgazygynda ýaşaýan adamlara beriljekdigi mälim edildi. 

ABŞ-nyň we Russiýanyň ýolbaşçylygynda Siriýada 7 günlük od açmazlyk barada ylalaşyk ýola goýuldy. Ylalaşyk düýn günüň ýaşmagy bilen güýje girdi. 



Degişli Habarlar