Ministrler kabinetiniň mejlisi Prezident Erdoganyň ýolbaşçylygynda geçirildi

Ministrler kabinetiniň mejlisi Prezident R.T. Erdoganyň ýolbaşçylygynda düýn Prezident Kompleksinde geçirildi

567445
Ministrler kabinetiniň mejlisi Prezident Erdoganyň ýolbaşçylygynda geçirildi

Takmynan 6,5 sagat dowam eden maslahatdan soň Wise-premýer Nurettin Janikli beýanat berdi.

Ministrler kabinetiniň mejlisiniň nobatdaky ýygnagynda G20 Liderler maslahatynyň üstünde durulyp geçilendigini bellän Nurettin Janikli içerki we daşarky howpsyzlyk bilen baglanşykly meseleleriň ähli taraplaryny hem ara alyp maslahatlaşandyklaryny mälim etdi.

Janikli Hytaýdaky G20 Liderler maslahatynda Prezident Erdoganyň gatnaşmagy bilen Türkiýe wekilçilik edilendigini we ýanynda wekiliýetiň bolandygyny ýatladyp, Erdoganyň maslahatyň çäginde giň-gerimli gepleşikler geçirendigini we maslahata gatnaşan liderleriň aglabasy bilen ikiçäk duşuşyk geçirendigini habar berdi.

Janikli duşuşyklarda esasan hem terror, Siriýa krizisi we Türkiýede 15-nji iýulda bolan harby agdarlyşyk synanşygynyň orta atylandygyny mälim etdi.

Wise-premýer Janikli Ýewfrat galkany operasiýasy bilen baglanşykly Siriýada häzirki wagta çenli jemi 772 inedörül km territoriýanyň terror guramasy DAEŞ-den sapalanandygyny we sebitiň Azat Siriýa goşunynyň gözegçiliginiň astyndadygyny habar berdi.

Operasiýanyň 15 gün bäri dowam etdirilýändigini we 4 türk esgeriň şehit bolandygyny, 19 esgeriň ýaralanandygyny bellän Janikli 4 taňka we 1 sowutly ulaga zeper ýetendigini nygtady.

Azat Siriýa goşunyndan bolsa 16 adamyň ýogalandygyny, 27 adamyň ýaralanandygyny aýdan Janikli Siriýanyň Jerablus şäherinde ýaşaýyşyň kadalaşandygyna ünsi çekdi.

Jerablusyň suw bilen duşenbe güni, elektrik tok bilen bolsa şenbe güni üpjün ediljekdigini beýan eden Nurettin Janikli Türkiýedäki Jerabluslylaryň yzyna gaýdyp barmaga başlandyklaryny mälim etdi.

Wise-premýer berilen soraga jogap berip Rakkanyň terror guramasy DAEŞ-den saplanmagy bilen baglanşykly ABŞ tarapyndan bilidrilen talapa oňaýly garaýandyklaryny, şonuň bilen baglanşykly tehniki gepleşikleriň geçirilýändigini habar berdi.



Degişli Habarlar