İbrahim Kalyn: “PÝD barada ABŞ bilen ylalaşyk gazanylmagy”

Prezidentiň Metbugat sekretary İbrahim Kalyn terror guramasy PKK-nyň Siriýadany bölümi PÝD meselesinde ABŞ bilen ylalaşyk gazanylmandygyny aýtdy

566467
İbrahim Kalyn: “PÝD barada ABŞ bilen ylalaşyk gazanylmagy”

         İbrahim Kalyn gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary barada hususy teleýaýlymlardan birinde soraglara jogap berdi.

         “ ÝPG-niň ähli güýçlerinin Menbiçden dolulygyna saplanmagy baradaky egilşiksiz islegimiz dowam edýär. ABŞ ÝPG-niň Ýefradyň gündogaryna geçendigini adýar. ÝPG-niň çekilendigini biziň çeşmelerimiz tassyklamady. ÝPG-nin güýçleri Ýefradyň günbataryna geçen halatynda biziň üçin legal nyşana öwrülerler” diýdi.

         Kalyn sözlerini şeýle dowam etdirdi: “ÝPG we PÝD PKK-nyň bölümleri. Terror guramasyny başga bir terror guramasy bilen ýok edip bolmaz. Biz DAİŞ-e garşy göreşilýärkä Siriýanyň territorial bitewiliginiň bozulmagyny islemeýäris.”       “Ýefrat galkany” operasiýasy we Siriýada başdan geçirilýän wakalar barada-da durup geçen Kalyn, Prezident Erdoganyň G20-niň maslahatynda Obama we Putin bilen Halap meselesinde gepleşikler geçirendigini hem aýtdy.

Kalyn Halapda hüjümleriň haçan bes ediljekdigi barada bolsa: “Hüjümleriň bes edilmegi barada düýpli ylalaşygyň gazanylmagyna garaşýarys. Umydymyz baýramdan öň ylalaşylmaly” diýdi.

G20-niň Hytaýda geçirilen maslahaty barada durup geçen İbrahim Kalyn: “Terrorçylyga garşy, bosgunlar meselesi ileri tutulan ugurlar boldy. Prezidentimiz we beýleki liderler bu meselede giňişleýin pikir alyşdylar” diýdi.

Prezident Erdoganyň geçiren ikiçäk duşuşyklarynda 15-nji iýuldaky agdarlyşyk synanşygy we FETÖ barada maglumat berendigini aýdan Kalyn, gepleşikleriň diýseň netijeli geçendigini nygtadu.

Kalyn ÝB-ne wiza erkinliginiň ýylyň ahyryna süýşürilendigi baradaky habarlara bolsa: “Wiza erkinliğinde ýylyň ahyryna garaşylmaz. Bu meseläniň gysga möhletde iş ýüzüne geçirilmegi üçin işleriň depgini güýçlendiriler. Wizasyz geçiş we Bosgunlaryň yzyna kabul edilmegi baradaky ylalaşyk şol bir wagtda güýje girmeli. Fransiýa, Germaniýa, İtaliýa bilen Prezidentimiziň duşuşyklary boldy” diýdi.



Degişli Habarlar