Prezident Erdogan G20-niň maslahatyna gatnaşmak üçin Hytaýa gitdi

Erdogan Hytaýa gitmezinden ozal Esenboga adyndaky howa menzilinde beýanat berdi

563663
Prezident Erdogan G20-niň maslahatyna gatnaşmak üçin Hytaýa gitdi

Prezident R.T.Erdogan Türkiýäniň günorta serhetlerinde terror koridorynyň açylmagyna ýol bermejekdigini aýtdy.

Erdogan ýene-de bir gezek Türkiýäniň günorta serhetlerinde oýnalmak isleýän oýuna ýol berilmejekdigini çürt-kesik beýan etdi.

Soňky günlerde günbatardaky käbir töwerekleriň beren beýanatlarynyň geň galdyryjydygyna ünsi çeken Erdogan: “Jarablusda DAİŞ-iň derbi-dagyn edilmegi käbirlerini biynjalyk etdi. Oňa düşünmek mümkin däl. Türkiýe döwletiniň bitewiligi, sebitdäki asuda ilatyň howpsyzlygy üçin harby goşunymyz bilen elinden geleni edýär” diýdi.

Prezident Erdogan käbir terror güýçlerinde bolşy ýaly Jarablusa ornaşmak niýetleriniň bolmandygyny, onuň iň esasy görkezijisiniň sebitiň halkynyň bagtyýarlydygyny aýtdy.

Erdogan terror güýçleriniň Ýefrat derýasynyň gündogaryna geçendikleri baradaky beýanatlar barada bolsa: “bu keskitleme Türkiýe tarapyndan berilip bilner” diýdi.

Prezident Erdogan Ýewropa ýurtlarynyň Siriýadaky ody öçürmegiň ýerine tüssesi bize gelmesin diýip tagalla edýändigini nygtady.



Degişli Habarlar