Ismail Kahramanyň we Binaly Ýyldyrymyň gutlag ýüzlenmesi

“30-njy awgust ýeňiş baýramymyzy gutlaýaryn, eziz şehitlerimizi we gahrymanlarymyzy uly hormat bilen ýatlaýaryn”

561876
Ismail Kahramanyň we Binaly Ýyldyrymyň gutlag ýüzlenmesi
binali yıldırım.jpg

TBMM-niň başlygy Ismail Kahraman 30-njy awgust ýeňiş baýramynyň 94 ýyllygy mynasibetli gutlag ýüzlenmesini çap etdi.

Ismail Kahraman ýüzlenmesinde “Taryhy şan-söhratlar bilen doly asylly milletdiris. Garaşsyzlyk söweşi hem şanly taryhymyzyň esasy görkezijilerinden biridir” diýip belledi.

Mejlisiň başlygy Kahraman ýüzlenmesinde “30-njy awgust ýeňiş baýramymyzy gutlaýaryn, eziz şehitlerimizi we gahrymanlarymyzy uly hormat bilen ýatlaýaryn” diýip belledi.

Premýer ministr Binaly Ýyldyrym hem ýeňiş baýramy mynasibetli çap eden gutlag ýüzlenmesinde Baş sekrerdelik meýdan söweşiniň halkymyzyň agyr şertlerde hem göreşinden ýüz öwürmejekdigini, watany, baýdagy we azatlygy üçin janyny pida etjekdigini bütin dünýä görkezendigini ýatlatdy.

Premýer ministr Ýyldyrym şu günki günde hem garaşsyzlygymyza we demokratiýamyza howp salýanlara garşy tutanýerli tutumyň alnyp barylýandygyna ünsi çekdi.

Ýyldyrym “Ýurdumyzyň jebisligini we bitewiligine kast etmek isleýän güýçler asla maksadyna ýetip bilmez”diýdi.

Ýüzlenmesinde “Türk ýaragly güýçleriniň agzalaryny we halkymy 30-njy awgust ýeňiş baýramy bilen gutlaýaryn” diýen Premýer ministr “Gazi Mustafa Kemal Atatürkiň ýolbaşçylyk etmeginde bu ýeňişi bize sowgat eden garaşsyzlyk göreşiniň ähli gahrymanlaryny we şehitlerini uly hormat bilen ýatlaýaryn” diýdi.



Degişli Habarlar