Kemal Kylyçdaroglynyň ulag kerwenine tokaýlyk meýdandan geçip barýarka ot açyldy

Ulag kerwenini goraýan howpsyzlyk güýçleri bilen hüjümçileriň arasynda çaknyşyk boldy

559283
Kemal Kylyçdaroglynyň ulag kerwenine tokaýlyk meýdandan geçip barýarka ot açyldy

Artwinde Respyblikan halk partiýasynyň başlygy Kemal Kylyçdaroglynyň ulag kerwenine tokaýlyk meýdandan geçip barýarka ot açyldy.

Ulag kerwenini goraýan howpsyzlyk güýçleri bilen hüjümçileriň arasynda çaknyşyk boldy.

Waka hakynda beýanat beren İçeri işler ministri Efkan Ala hüjümiň aýralykçy terror guramasy PKK tarapyndan guralandygyny aýtdy.

Ministr Ala çaknyşykda 1-i agyr 3 esgeriň ýaralandygyny we terrorçylaryň tussag edilmegi üçin operasiýa başladylandygyny belledi.

Prezident R. T. Erdogan bilen Premýer ministr Binali Ýyldyrymyň Respublikan halk partiýasynyň başlygy Kemal Kylyçdaroglyna telefon edip duýgudaşlyk bildirendigi nygtaldy.

Wise-premýer Numan Kurtulmuş hem terrorçylykly hüjümi nälätleýändiklerini aýtdy.

 



Degişli Habarlar