"Fetullah Güleniň yzyna berilmegi milli howpsyzlyk taýdan esasy mesele"

Çawuşogly gatnaşyklaryň ösdürilmegi üçin bökdençlik emele getirip biljek käbir meseleleriň çözülmelidigine ünsi çekdi

558963
"Fetullah Güleniň yzyna berilmegi milli howpsyzlyk taýdan esasy mesele"

Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşogly Fetullahçy terror guramasy-Parallel döwlet ulgamynyň ýolbaşçysy Fetullah Güleniň yzyna berilmeginiň milli howpsyzlyk taýdan esasy meseledigini nygtady.

Çawuşogly Twitter arkaly beren beýanatynda ABŞ-nyň Wise-prezidenti Jo Baýdenyň Ankara guran saparynyň diýseň möhümdigini we Baýdeniň saparynyň dowamynda görkezen arkalaşygynyň anyk tagallalar bilen dowam etmelidigini belledi.

Çawuşogly gatnaşyklaryň ösdürilmegi üçin bökdençlik emele getirip biljek käbir meseleleriň çözülmelidigine ünsi çekdi.

Daşary işler ministri Çawuşogly “FETÖ diňe bir dini gurama däl, eýsem dinimizden hyýanatçylykly peýdalanan, eli ganly wagşy terror guramasydyr” diýdi.

Çawuşogly “15-nji iýuldan soň 1999-njy ýyldan bäri ABŞ-da ýaşaýan Gülen we terror guramasynyň bähbit gatnaşyklary, esasy maksatlary paş edildi. Terror guramasynyň ýolbaşçysy Güleniň yzyna berilmegi ýönekeý mesele däldir. Milli howpsyzlygymyz taýdan şeýle möhüm meseledir” diýip belledi.

 



Degişli Habarlar