Jarablusda terror guramasy DAEŞ-e garşy howa hüjümibaşladyldy

Howa hüjüminde 63 nyşana bombalandy

557985
Jarablusda terror guramasy DAEŞ-e garşy howa hüjümibaşladyldy

Türkiýäniň ýaragly güýçleri bilen hyzmatdaş güýçleriniň howa güýçleri tarapyndan Siriýanyň Halap şäheriniň Jarablus etrabynda terror guramasy DAEŞ-e garşy howa hüjümini başlatdy.

Etrap harby uçarlar tarapyndan bombalanýar.

Ir sagat 04-de başlan top atyşyndan soň sagat 6-da hem Türkiýäniň ýaragly güýçleri etraby bombalamaga başlady.

F-16-lar Jarablus we Kekliwe etraplarynda DAEŞ-e degişli ýerleri nyşana alýar.

Serhediň howpsyzlygynyň goralmagy maksady bilen guralýan howa hüjüminde 63 nyşana bombalandy.

Howa hüjümi şol bir wagtda Siriýanyň territorial bitewiligine goldaw berilmegini maksat edinýär

Howa hüjüminde DAEŞ-e degişlidigi anyklanan ýerler täsirsiz ýagdaýa getirildi.

DAEŞ-e garşy tutanýerli tutum alyp barýan Türkiýäniň ýaragly güýçleri, hyzmatdaş güýçleriniň terror guramasyna garşy alyp barýan göreşine hem uly goşant goşýar.

 



Degişli Habarlar