Ýokary harby geňeşiň mejlisi öz işine başlady

Geňeş gurluşy we düzümi üýtgedilenden soň ilkinji mejlisini geçirýär

557467
Ýokary harby geňeşiň mejlisi öz işine başlady

Premýer ministr Binali Ýyldyrym we geňeşiň agzalary Atatürkiň aramgähini zyýarat etdiler.

Aramgähdäki ýatlama depderine gol goýan Premýer ministr Ýyldyrym depdere: “Beýik Atatürk, Ýokary harby geňeşiň agzalary bilen ruhuňyzyň önüne geldik. “Häkimiýet şertsiz belliksiz milletiňkidir” diýlen ýörelgäni birkemsiz berjaý etmek, demokratiýamyzy iň kämil derejä ýetirmek we milli ygtyýara howp saluýan ähli faktorlary ortadan aýyrmak üçin arman-ýamadan işläris.

Ýurdumyz demokratiýa, hukuk we adalat bilen güýçlendigi saýyn syýasy, harby, ykdysady ösüşini hem dowam etdirer. Sebitimizde parahatçylyk we asudalyk üçin umyt döreder.

Dünýäniň güýçli döwletleriniň hatarynda orun eýeleýän Türkiýe Respublikasy bigünä çagalary nyşana alýan hyýanatçylykly terror hüjümlerini, agdarlyşyk synanşyklaryny we raýatlaryna abanýan ähli howpy ortadan aýyrjak gudrata eýedir. Şu düşünjeler bilen Ýokary hargby geňeşimiziň 2016-njy ýylyň awgust aýyndaky mejlisiniň bähbitli bolmagyny arzuw edip, bize garaşsyz döwlet goýup giden ähli şehitlerimizi we gahrymanlarymyzy hormat bilen hatyralaýarys.”

Fetullahçy terror guramasy FETÖ-niň 15-nji iýuldaky agdarlyşyk synanşygyndan soň adatdan daşary ýagdaý dolanşygy düzgünine laýyklykda çykarylan pernama laýyklykda düzümi özgerdilen Premýer ministr Binali Ýyldyrymyň ýolbaşçylyk etmegindeki geňeşiň düzüminde Baş ştabyň başlygy, general Hulusi Akar, Wise-premýerler Mehmet Şimşek, Numan Kurtulmuş, Nurettin Janikli, Tugrul Türkeş, Weýsi Kaýnak, Adalat ministri Bekir Bozdag, Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşogly, İçeri işler ministri Efkan Ala, Milli goranmak ministri Fikri Yşyk, Guryýer goşunlarynyň serkerdesi general Salih Zeki Çolak, Deňiz güýçleriniň serkerdesi goşun admiraly Bülent Bostanogly bilen Hary howa güýçleriniň serkerdesi general Abidin Ünal bar.



Degişli Habarlar