Siriýadan atylan roketalar Kilisde boş meýdana düşdi

Siriýadan atylan 3 raketanyň gülleleri Kilisde boş meýdana düşdi

557543
Siriýadan atylan roketalar Kilisde boş meýdana düşdi
karkamış havan mermisi.jpg

Siriýanyň Azez sebitindäki çaknyşyk bolýan ýerlerden atylan raketalar şäheriň merkezindäki boş meýdana düşdi.

Ilkinji maglumatlara görä hadysada ýaralanan ýa-da ýogalan adam ýok.

Wakanyň bolan ýerine polisiýa gullugynyň işgärleri iberildi.

Türkiýäniň Ýaragly güýçleri raketanyň atylan ýerini nyşana alyp, hüjüm guradylar.

Serhetdäki howpsyzlyk çäreleri artdyryldy.

Welaýat Içeri işler müdüri Jandemir Özdemir we Žandarma güýçleriniň serkerdesi polkownik Gökhan Şahin hem wakanyň bolan ýerine gelip, derňew geçirdi.

Raketanyň ýygnanan bölekleri derňew işiniň çäginde Içeri işler müdürligine alynyp gidildi.



Degişli Habarlar