“Biz DAEŞ-e uly zarba urduk, şol sebäpli Prezident Erdogan esasy nyşana öwrüldi”

Çawuşogly “Biz DAEŞ-e uly zarba urduk, şol sebäpli Prezident R. T. Erdogan esasy nyşana öwrüldi” diýdi

556844
“Biz DAEŞ-e uly zarba urduk, şol sebäpli Prezident Erdogan esasy nyşana öwrüldi”

Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşogly Gaziantepde guralan terrorçylykly hüjüm we Fetullahçy terror guramasy-Parallel döwlet ulgamy FETÖ/PDÝ-nyň ýolbaşçysy Fetullah Güleniň yzyna berilmegi hakynda beýanat berdi.

Çawuşogly “Biz DAEŞ-e uly zarba urduk, şol sebäpli Prezident R. T. Erdogan esasy nyşana öwrüldi” diýdi.

Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşogly Litwanyň Daşary işler ministri Linas Linkewisius bilen bolan duşuşygyndan soň metbugata beýanat berdi.

Gaziantepde 54 adamyň ýogalmagyna sebäp bolan terrorçylykly hüjüm we FETÖ/PDÝ-nyň ýolbaşçysy Fetullah Güleniň yzyna berilmegi hakynda maglumat beren Çawuşogly “Terror guramasyna garşy tutanýerli göreşimizi dowam etdireris. Serhetlerimiz DAEŞ-den doly saplanar. Biz DAEŞ-e uly zarba urduk, şol sebäpli Prezident R. T. Erdogan esasy nyşana öwrüldi ” diýip belledi.

Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşogly amerikaly resmi wekiliýetiň FETÖ/PDÝ-nyň ýolbaşçysy Fetullah Güleniň yzyna berilmegi meselesini ara alyp maslahatlaşmak üçin şu gün agşam Türkiýä geljekdigini belledi.

Çawuşogly Adalat ministri Bozdag bilen birlikde ABŞ-na gitmegi meýilleşdirýändiklerini ýatlatdy.



Degişli Habarlar