Gaziantep welaýatynda terrorçylykly hüjüm guraldy

Gaziantep welaýatynda toýy gana bulan terrorçylykly hüjümde ýogalanlar we ýaralananlar bar

555899
Gaziantep welaýatynda terrorçylykly hüjüm guraldy

Şäher merkezindäki toýlardan birinde guralan hüjümden soň wakanyň bolan ýerine köp sanly polis we tiz kömek ulagy ugradyldy.

Adalat we ösüş partiýasynyň Gaziantep welaýatyndan halk deputaty Mehmet Erdogan şeýle hüjümleri DAİŞ we PKK ýaly ganhor guramalaryň guraýandygyna ünsi çekip: “Olara garşy göreşimiz dowam eder” diýdi.

Wakanyň kamikaze hüjümçisi tarapyndan guralan terror hüjümi bolandygy Gubernator Ali Ýerlikaýa tarapyndan hem tassyklandy.



Degişli Habarlar