TBMM-si öz işine 1-nji oktýabra çenli arakesme berdi

Mejlis kanun çykaryş ýylynyň soňky iş gününde möhüm kararlary kabul etdi

555717
TBMM-si öz işine 1-nji oktýabra çenli arakesme berdi

 

Mejlisiň Baş Assambleýasy kanun çykaryş ýylynyň soňky iş gününde möhüm kararlary kabul etdi.

Emlak gaznasynyň döredilmegi baradaky taslama bilen Ysraýyl bilen 2010-njy ýylyň 31-nji maýynda başdan geçirlen Mawi Marmara wakasynda ýogalanlaryň hossarlaryna jerime tölenmegi meselesinde baglaşylan şertnama kanunlaşdyryldy.

6 maddalyk şertnama görä Ysraýyl 25 günüň içinde Türkiýä 20 million dollarlyk jerime tölär.

Ysraýyla we ysraýylly esgerlere garşy gozgalan kaziýet işleri bes ediler.

15-nji iýuldaky agdarlyşyk synanşygynda şehit bolan ýokary ofiser Ömer Halisdemiriň adynyň Nigde uniwersitetine dakylmagy barada karar kabul edildi.

Agdarlyşyk synanşygyndan soň İzmirde ýapylan 2 uniwersitet döwlet eýeçiligine alyndy we şol uniwersitetlere Bakyrçaý uniwersitedi we Demokratiýa uniwersitedi atlary dakyldy.

Kabul edilen möhüm kararlardan soň Türkiýäniň Beýik Millet Mejlisi öz işine 1-nji oktýabra çenli arakesme berdi.

 



Degişli Habarlar